Guwandyryjy netijeler — täze belentliklere badalga

12 Ýanwar 2021
2796

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm ornuň degişlidigini nygtaýar, olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Onda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň geljekki möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär, şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklary düýpli özgerýär. Bu ýagdaý jemgyýetçilik guramalaryndan täzelenişi hem-de iş usullaryny kämilleşdirmegi talap edýär.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.