Adamlaryň saglygyny gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzda keselleriň görnüşleri görnetin azaldy, adam ömrüniň dowamlylygy bolsa artdy. Bu barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz öz raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemişe alada etmelidiris, çünki jemgyýetiň sagdynlygy kuwwatly döwletiň esasyny düzýär» diýip nygtaýar.
Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitlere ýetildi. Pudagyň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň milli tejribeler bilen utgaşdyrylmagy we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurda ajaýyp ösüşleri üpjün etdi. Häzirki wagtda ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan kämil we döwrebap usullar esasynda adamlara saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegi, ýerli çig mallardan dürli saglygy goraýyş serişdelerini, melhemlikleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň gurulmagy, şypahana hyzmatlarynyň hiliniň düýpli gowulandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.