Saglygyňy gorap saklamagyň zerur şertleriniň biri hem pasla görä geýinmekdir. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde, öýden çykanyňda kelläňe başgap, egniňe ýyly egineşikleri, eliňe ellik, aýagyňa taýdyrmaýan aýakgap geýmek möhümdir. Şeýlede agyzburun örtüklerini dogry dakynmak, beýleki adamlar bilen 2 metr aralygy saklamak, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseliniň öňüni almak üçin öňüni alyş sanjymlaryny almak, elleriňi arassa saklamak hökmany talapdyr. Şu talaplary berjaý etmek bilen, ýylyň ähli paslynda saglygyňy gorap saklamak mümkindir.
Ýiti respirator keseli wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýedir. Ol ýylyň dowamynda, esasanda, howanyň sowaýan aýlarynda ýüze çykýar.