Sürüjiler ýylyň islendik paslynda hem ulaglaryny howa ýagdaýyny nazarda tutup, bellenilen düzgünlere laýyklykda dolandyrmalydyrlar. Bu kada gyş paslynda has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi howanyň sowamagy, ygallaryň ýagmagy ýollaryň sürçek bolmagyna getirýär. Şeýle günlerde ümrüň döremegi bolsa sürüjilerden we herekete beýleki gatnaşyjylardan örän ünsli we seresap bolmagy talap edýär. Şeýle tebigy hadysa dörände garagörnümiň ýeterlik däldigine gabara çyralaryna goşmaça ýakyn aralyga yşyk berýän çyralar, ümre garşy çyralar we yzky ümre garşy çyrajyklar ýakylyp bilner. Ümre garşy çyralar şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar:
— garagörnümiň aýyl-saýyl däl ýagdaýynda aýratynlykda, şeýle hem ýakyn ýa-da uzak aralyklara yşyk berýän çyralar bilen bilelikde;