«Pendiniň» limony

10 Ýanwar 2021
1660

Oba hojalygynyň girdejili pudaga öwrülmegi üçin işleri täzeçe gurap, diňe bir pagtaçylykdan, gallaçylykdan däl, eýsem, beýleki ekinlerden hem bol hasyl almagyň zerurdygyna Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ymykly göz ýetiren Tagtabazar etrabynyň «Pendi» daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary 1996-njy ýylda öňki ekýän ekinleriniň ýany bilen ýyladyşhana şertlerinde limon ýetişdirmäge hem synanyşyp görmegi ileri tutýan ugurlarynyň hataryna goşdular.

Bölünip berlen ýerde limon ýetişdirmäge bolsa, daýhan birleşiginde iň bir zähmetsöýerleriň biri hökmünde özüni tanadan Gurbangeldi Jumagylyjow we onuň maşgala agzalary döwtalap boldular. Limonyň iň hasylly, geçginli sortundan saýlanyp, seçilip alnan 110 düýp nahala gowy garaşyk edilensoň, gününi sanap ösdi. Basym hasyla durdy.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar