Sanly tehnologiýalar arkaly okatmak

10 Ýanwar 2021
1887

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň barşynda pudaga sanly ulgam ornaşdyrylýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça okuw sapaklarynyň üstünde işlemäge aýratyn uly üns berilýär.

Mugallymlara onlaýn okuwlary işläp taýýarlamagy öwretmek möhüm wezipeleriň biridir. Ol mugallymlardan guraýan sapaklaryna täzeçe çemeleşmegi, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, ykdysadyýetinde, maliýe, durmuş we beýleki ulgamlarynda bolup geçýän özgertmeleri bilmegi talap edýär. Täze innowasion enjamlary ulanmak arkaly okatmak okuwçylar bilen işlemegiň kämil usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurlygyny kesgitleýär. Häzirki sanly ulgama geçilýän döwürde mugallym sanly dünýäniň çylşyrymly gurluşy boýunça okuwçylaryň ýolbeledine öwrülýär. Maglumatly medeniýetiň döremegi bilen bir hatarda täze bilim medeniýeti emele gelýär.

Nurtäç DURDYMYRADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki takyk ugurlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy.