Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly bilim syýasaty netijesinde döwlet dilimiz bolan türkmen dili barha ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Türkmen dili häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurtlarynda giňden öwrenilyär. Netijede, ençeme döwletler bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklarymyz ösdürilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge-de giň mümkinçilikler döredilýär.
Daşary ýurt dillerini öwrenmekde diliň sintaksis bölümine degişli bolan abzas gurluşlary we olaryň bölüniş aýratynlyklary möhüm ähmiýete eýedir. Iňlis dili öwrenilende, türkmen dili bilen deňeşdirme seljermeleri dillerdäki umumylyklara we häsiýetli aýratynlyklara göz ýetirmäge ýardam berýär. Dilleriň sintaksisiniň öwrenilmegi sözleýiş dilini kämilleşdirmäge hyzmat edýär.