Aziýanyň ak mermerden merjeni,
Aşgabadym — aşyk abadym meniň.
Saňa bolan buýsanjymyň ýok çeni,
Aşgabadym — aşyk abadym meniň.
Behişt bilen bäs edişýär bu ýerler,
Gujagyňda söýülerler, söýerler,
Owal adyň yşkdan dörän diýerler,
Aşgabadym — aşyk abadym meniň.