Watanymyzyň waspy aýdymlarda, sazlarda

8 Ýanwar 2021
1868

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň indi asylly däbe öwrülendigini bellediler. 2021-nji ýylda ata Watanymyza täze üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Soňra sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Teatryň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspy ýetirildi. Olaryň hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden hem-de «Asly-Kerem» dessanyndan ýerine ýetiren parçalary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» tans, şeýle-de bagşylar, dutarçylar toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylara egsilmez ruhy lezzet paýlady.

Jennet NURMÄMMEDOWA.