Bilim — bagtyýar durmuşyň gözbaşy

8 Ýanwar 2021
1866

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň maslahaty ýokary guramaçylyga eýe boldy. «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata umumybilim berýän, şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy mugallymlarydyr terbiýeçileri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat merkeziniň bilim-terbiýeçilik edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde alnyp barlan işlere seljerme berlip, okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz her bir döwletiň binýadynyň berkliginiň, ösüşiniň ýokary depgininiň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýurtda alnyp barylýan bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şu mizemez hakykatdan ugur alyp, Arkadag Prezidentimiz milli bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmagy, onuň hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün etmegi döwlet syýasatyndaaýratyn ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda dowamly durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň baş maksady bolsa ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmekden, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Balkanabat şäheriniň bilim işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamynda öňde goýýan şeýle asylly maksatlaryna mynasyp goşant goşmakda döredijilikli zähmet çekýärler. Dowam edýän okuw ýylynyň birinji ýarymynda şäheriň bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barlan işler muňa güwä geçýär. Häzirki wagtda welaýat merkezinde hereket edýän bilim-terbiýe ojaklarynda zähmet çekýän 1 müň 521 sany mugallym okuwçylaryň 32 müň 782-sine, terbiýeçileriň 522-si körpeleriň 9 müň 635-sine bilim we terbiýe berýärler.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».