«Hakyda göwheri» ― milli mertebä buýsanç

1 gün öň
39

Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan kemal bolan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilim işgärlerinde we talyplarynda hem uly şatlyk döretdi. Bu eseriň ylmy maglumatlara baýdygy bolsa baýry ýokary okuw mekdebimiziň aspirantlarydyr magistrantlary üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Taryhy çynlakaý öwrenmek we onuň şan-şöhratyny geljekki nesillere ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň alymlardan edýän esasy talaplarynyň biri. Bu işde Milli Liderimiziň hut özi belent göreldäni görkezýär. Dürdäne eserde getirilýän taryhy maglumatlar biziň alyp barýan ylmy işlerimiz üçin ajaýyp çeşmedir. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzdan ybarat dünýäni «Hakyda göwherinde» bir akaba jemledi. Ýaş alymlar hökmünde biz bolsa, şol akabadan özümize gerekli gymmatlyklary susup alyp, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň inçeliklerini dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek üçin yhlasymyzy gaýgyrman okarys, öwreneris.