Gadymy heňňamyň müdimi owazy

19 sagat öň
27

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýapylan ajaýyp serpaý boldy. Kitapda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň gözbaşynda duran Oguz hanyň kämil durmuş ýörelgeleriniň beýany bolan «Oguznamanyň» mazmuny açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyzyň nesillerine goýan gymmatly mirasy bolan «Oguznamadaky» agzybirlik, öý-ojak mukaddesligi, adalatlylyk ýaly esasy ýörelgeler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Agzybirlik halkymyzyň döwletliliginiň gözbaşydyr, ilkinji durmuş ýörelgesidir, jemgyýetçilik kadasydyr. Agzybirlik Oguz hanyň öz kowumyna ündän baş ündewidir, nesihatydyr, nusgalyk göreldesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir» diýip bellemek bilen, döwletiň berkararlygynyň, jemgyýetiň asudalygynyň, her bir öý-ojagyň, maşgalanyň bagtyýarlygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär.

Annabagt MAÝEWA,
welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.