Akyl sandyklary

7 Ýanwar 2021
2947

Hormatly Prezidentimiziň ylhamdan püre-pür döredijilik dünýäsi bize ummasyz kän baýlyklary eçildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döredijilik diýlen düşünje, döretmek diýlen düşünje halkymyzyň müdimilik hemrasy.

«Akyl sandygy» diýlen düşünjäni makalamyza ýöne ýere sözbaşy hökmünde saýlamadyk. Sebäbi, men bu düşünjä Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda gabat geldim. Eserde paýtagtdan Tejene mekdep gurmak üçin baran Berdimuhamet aganyň ýany bilen alyp baran iki sany sandygyny ilki kolhozyň başlygy Mody aga egin-eşikdir öýdýär. Emma ol iki sandyk kitapdan doly. Kitaplarda bolsa akyl bar. Şonuň üçin hem sandyklar «Akyl sandygy» diýlip atlandyrylýar. Berdimuhamet agany hemişe we hemme ýerde uly abraýyň eýesi eden şol sandyklar. «Döwlet guşy» romanynyň 11 ýaşly gahrymany, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly agany hem çagalygynda il arasynda uly adamlar bilen deň derejedäki gahrymana öwren hem şol akyl sandyklarynyň içindäki kitaplar.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.