Arkadagyň ekologiýa syýasaty

7 Ýanwar 2021
2915

Häzirki döwürde Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we özboluşly gözelliklerini gorap saklamak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň netijeliligi hil taýdan täze derejelere çykýar. Bu bolsa daşky gurşawy goramagyň ählumumy wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän täsirli ornunyň işjeňligini aýdyň subut edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip, tebigaty goramak bilen bagly gatnaşyklaryň hukuk binýady kepillendirilýär. Bu babatda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň hem ähmiýeti uludyr. Milli kanunçylygymyzda hereket edýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem hut şu maksada gönükdirilip, döwletiň daşky tebigy gurşawa we onuň düzüm birliklerine ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmek babatdaky işiniň netijeli hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary netijesinde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu kanunlar ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatdaky ýerine ýetirilen anyk işleridir. Mukaddes Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerine sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy, ekologiýa maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek işine hem hukuk taýdan berkidilýär.

Döwran GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy.