Derwaýys sapak (hekaýa)

7 Ýanwar 2021
1897

Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide gözüne äýnegini dakyp, Didarberdi Haýdar ogly gazet okap otyrdy. Ýaşy ýetmişden geçen ýaşulynyň ýanynda ýene-de birnäçe gazet, žurnal hem-de kitap bardy. Ol häzir hormatly dynç alyşdady. Manyly ömrüniň tegelek elli ýylyny Didarberdi aga orta mekdepde okuwçylara taryh sapagyndan bilim beripdi.

Ol okumyş adamdy. Didarberdi aga: «Okamak öwrenmekdir, öwrenmek pikirlenmekdir, pikirlenmek ýaşamakdyr» diýýärdi. Ýaşuly has-da çeper eserleri okamaga höwesekdi. Ol bu hakda şeýle pikire gol ýapýar: «Her bir çeper eser mugallym kysmydyr, onuň bilen içgin tanşanyňda, durmuşyň bir sapagyny özleşdiren ýaly bolýarsyň».

Döwletmyrat NURYÝEW.