Dünýäde her ýyl 80 million tonna töweregi konditer önümleri öndürilýär. Megerem, kemputdyr kökäni halamaýanyňyz ýok bolsa gerek. Süýji önümler, esasan, şekerçiňrikdir kakao agajynyň miwesinden öndürilýär. Süýji iýmitiň ösümlikden alynýandygyna ynanmak kyn. Şeýle-de bolsa, marşmellow hem batgalykda ösýän «althaea officinalis» gülüniň şiresinden alynýar. Multfilmlerde we kinofilmlerde uzyn çöpüň ujuna marmelada meňzeş süýjini ildirip, oda tutup oturan çagalary gören bolsaňyz gerek. Dünýäniň köp ýurdunda çagalyk ýyllarynyň iň gowy süýjüsi hökmünde suratlandyrylýan marşmellow biziň «horaz süýjimiz» ýaly meşhurdyr. Eýsem, çybyga ildirilip iýilýän bu süýji nähili taýýarlanýar?
«Althaea officinalis» Ýewropanyň we Afrikanyň batgalyklarynda ösýän köpýyllyk ösümlikdir. Bu ösümligiň köki we baldagyndaky şiresi aşpezçilik sungatynda hem-de melhem taýýarlamakda peýdalanylypdyr. Gadymy ýazgylarda bu ösümligiň saglyk üçin peýdalydygy bellenilýär. Taryhyň belli bir döwründe «althaea officinalis» ösümligi iýmit çeşmesi hökmünde hem peýdalanylypdyr. Bu ösümligiň gülünden alnan şire şeker bilen garylanda ýakymly süýjülik – marşmellow emele gelýär. Aşa süýji bolmadyk marşmellow köp ýurtda bal we hoz garylyp taýýarlanylýar. Aziýa we Ýewropa sebitleri marşmellowyň ata Watany hasaplanýar. Bu süýjülik Demirgazyk Amerika Gadymy Müsürden äkidilipdir.