Dil öwrenmek — döwrüň talaby

18 Dekabr 2024
76

Hormatly Prezidentimiziň berkarar Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda öňde goýýan belent wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde, bilimiň hiliniň dünýä derejesine çykarylmagy, bilim işgärleriniň has netijeli işlemegi, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegi babatda ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryny, döwrebap tehnologiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» boýunça amala aşyrylýan okuw-usulyýet işleri has-da kämilleşdirilýär. Ynha, şeýle işleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan guralan «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatdyr.

Maslahata dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, dilçi alymlar gatnaşdylar. Iki gün dowam eden maslahatda ata Watanymyzda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitler, alnan netijeler, dilleri kämil öwrenmegiň we öwretmegiň häzirki zaman usullary, daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň edildi.

Bahar ATANYÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.