Eşretli durmuşyň eýeleri

18 Dekabr 2024
95

Ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, edep-terbiýeli, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrülen şeýle köptaraply aladalaryň özeninde çuňňur many-mazmun jemlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna abraý bilen hötde gelmek jogapkärçiligi bizi — ýaşlary ähli ugurlarda yhlasly, döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, pederleriň kämillik mekdebini geçen ruhy-ahlak ýörelgelerimize eýermäge ruhlandyrýar. Bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde yhlas-başarnyklaryny orta goýýarlar. Olaryň döredijilikli zähmeti ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz we geologiýa senagatynda, elektroenergetika, himiýa, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarda, oba hojalygynda hem-de beýleki ulgamlarda gazanýan üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle-de olar döredijilikli pikirlenmegi, ugurtapyjylygy talap edýän telekeçilik işlerinde hem öz başarnyklaryny görkezýärler.

Hakmyrat KIŞJIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.