Hormatly Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby şatlygymyzy goşalandyrdy. Durmuş hakykatyny çeper sözüň üsti bilen beýan etmegiň ussady bolan milli Liderimiziň täze eserinde bu hakykat ýene bir ýola öz aýdyň beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, çärýek asyryň dowamynda Bitaraplyk biziň dillerimiziň senasyna, döwletimiziň parahatçylyk tuguna öwrüldi.