Hünärli ynsan ýeňşe ýar

18 Dekabr 2024
91

Halkymyzda: «Hünär eýesini eziz eder» diýen nakyl bar. Kesp-kärli, hünärli bolmak adamy adam hökmünde taplaýar. Hünär saýlandan soň, onuň hak eýesi bolmak ynsanyň baş maksadydyr. Ine, ýylyň-ýylyna geçirilýän «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşik hem harby hünäri kämilleşdirmekde netijeli häsiýete eýedir. Göreldeli harby gullukçylar bu bäsleşikde Watana bolan beýik söýgini hünär ussatlygy bilen birleşdirýärler. Olaryň kalbyndaky yhlasyň hem zehiniň — ýeňşe alyp barýandygyna bolan ynam şowlulyga eltýär. Şularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa, watanperwerlik duýgulary bardyr.

«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşigiň esasy maksady, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleriniň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmekden, harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakdan, döwrebap okuw tejribelerini ýaýratmakda tapawutlanan terbiýeçi serkerdelere mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Bäsleşigiň ahyrynda özi ýaly serkerdelerden ähli ugurlar babatda tapawutlanmagy başaran terbiýeçi serkerde, uly leýtenant Mähri Annaýewa «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» diýen ada mynasyp boldy. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlarydyr sowgatlary gowşuryldy.

Şöhrat AMANOW,
maýor.