2–7 dekabr aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan gurnaldy.
Treninga grafiki dizaýn, programma üpjünçilik, terjimeçilik, sözleýşiň bozulmalaryny düzetmek, sosial medialarda mahabatlandyrmak we beýleki häzirki zaman ugurlarynda tejribesi bolan ýaş hünärmenleriň 24-si gatnaşdy.