Guş iýmleýänçi (Hekaýa)

16 Dekabr 2024
128

...Aşhanamyzyň penjiresiniň daş ýüzüne her gün ir säherde guşlar üýşýär. Özlerem boýunlaryny süýndürip, penjireden öýüň içine seredýärler. «Penjiräni açsam, öýe-de girjek şular» diýip pikir edýärin.

Munuň öz sebäbi bar. Öýde guşlary kim ilki görse, çörek owuntyklary bilen naharlaýar. Çöregi bölekläp, penjiräniň daş ýüzünde goýup ýapdygyň, guşlar gürre çozýarlar. Bu gyşyn-ýazyn, ýylyň ähli paslynda gaýtalanýar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.