14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy.
Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.