Welaýatymyzda ençeme tanymal bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de 1926-njy ýylda Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynda doglan Kasym Omarowdyr. Ol öýlenip, maşgalaly bolandan soň, Saýat şäherine göçüp gelip, şol ýerde ymykly mesgen tutunyp, pagta arassalaýjy kärhanasynda sürüji bolup işlän gyjakçy, tirmeçi hem-de dessançy bagşydyr.
Çagalyk döwrümde öýümize bagşy-sazandalar köp gelerdi. Gijäniň bir wagtyna çenli aýdym-saz ederdiler. Şonda bir myhmanyň elindäki täsin saz guralyndan owaz alşyna haýran galyp oturýan halatlarym ýadyma düşýär. Soňraklar bilip otursam, ol gyjakçy Kasym Omarow, nobatma-nobat aýdym aýdýanlar bolsa, ýerli bagşylar Jumabaý Berdiýew, Çary Gutlyýew, Bäşim Çaryýew ekeni.