Täze ýylyň goşa şatlygy

14 Dekabr 2024
487

(Hekaýa)

Orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýan, iň göreldeli okuwçylaryň biri hasaplanylýan Maral bu gün ir säher bilen oýandy. Şol gün hemmeleriň gowy görýän hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy bellenýän bolsa-da, gyzjagazyň eýýäm iki gündür kän bir keýpi ýokdy. Sebäbi her säherde: «Turduňmy, meniň owadanja gyzjagazym!» diýip, başyny sypalaýan mähriban ejesi mundan iki gün ozal şäherlerindäki bäbekhana, mamasynyň aýdyşy ýaly, «akja bäbejik getirmäge» gidipdi.

Abadan SATLYKOWA,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy.