Burawlaýjylaryň toý sowgady

14 Dekabr 2024
114

Ýurdumyzyň gazçylarynyň asylly zähmetinden söz açylanda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň zähmet pälwanlarynyň alyp barýan netijeli işleri hem ilkinjileriň hatarynda ýatlanylýar. Müdirligiň gaýratly gazçylary ýurdumyzyň sebitlerinde iş alyp barmak bilen, her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Öndürijilikli zähmet gazçylara abraý getirýär.

Müdirligiň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri egin-egne berip, tutanýerli zähmet çekmegiň hasabyna tamamlanyp barýan 2024-nji ýyly-da ýokary zähmet görkezijileri bilen jemleýärler. Olar ýylyň dowamynda özüniň gaz gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy, 236-njy ulanyş gaz guýularyndan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Guýularyň her biri her gije-gündizde degişlilikde 2 million hem-de 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Çartak» gaz känindäki 54-nji ulanyş gaz guýusyndan bir gije-gündizde 224 müň 300 kub metr tebigy gaz alynýar. Guýudan alnan tebigy gazyň esasy aýratynlygy kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagydyr. Ahal welaýatynyň «Çalçulba» gaz känindäki ulanyş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gazyň alynmagy-da müdirligiň gazçylaryna abraý getirdi. Bu guýynyň-da berýän tebigy gazynyň düzümi kükürt-wodorodsyz, arassa görnüşidir.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).