Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda nobatdaky Uniwersiada dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde görkezýän nusgalyk göreldesi ähli ildeşlerimizi, aýratyn-da, ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşýarlar. Çekeleşikli bäsleşikler türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olary kämilleşdirmäge we geljekki ýaryşlara taýýarlamaga uly itergi berýär. Woleýbol, küşt, futzal, stol tennisi, suwda ýüzmek, tennis, basketbol, düzzüm ýaly görnüşler boýunça bäsleşikler çekeleşikli häsiýetde geçirilýär. Talyp ýaşlar diňe bir sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklerde ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Uniwersiadanyň geçişini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlaryň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.