Şa serpaýy kalbymyň nur şuglasy

13 Dekabr 2024
181

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ençeme raýatlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, medeniýet, sungat işgäri Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak bagtynyň maňa-da miýesser edenligi üçin begenjimiň, buýsanjymyň, Gahryman Arkadagyma hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyň çägi ýok. Ähli döwlet sylaglary ýaly, bu medalyň şuglasy ýüreklerimize, kalbymyza ylham nuruny saçýar. Geljegimize ýalkym saçýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň ruhundan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Pyragynyň eserlerine mähir nurundan dörän bu medal biziň üçin mukaddeslik medalydyr, ömrümiziň bagt ýyldyzydyr. Şu pursatda meniň kalbym joşgundan, buýsançdan doly.

Menzili daglar içredir, sähraýa aşyk bolmuş,
Arzuw-umytda düşledi, Gün-Aýa aşyk bolmuş,
Berkarar döwlet istedi, Pyragy bagtyn görmüş,
Size kuwwat, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Size uýýas, Size şöhrat, Gahryman Arkadagymyz!

Döwletgeldi ANNAMYARADOW,
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi.