Şöhratly geçmişiň ýaňy

13 Dekabr 2024
95

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. 25-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgullanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habary hem-de täze kitabynyň ilkinji nusgasyny hormatly Prezidentimize sowgat bermegi taryhy ýylyň buýsançly wakalarynyň biri bolup, göwünlere ganat bekledi.

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän baý taryhy bar. Şöhratly geçmişimiziň janly şaýatlary bolan ýadygärliklerimiz, galalarymyz, keramatly ýerlerimiz türkmeniň gadymy taryhy barada dünýä ýaň salyp, gaýtalanmajak täsin keşbi, milli binagärlik aýratynlygy bilen göreni haýran edýär. Bu toprakda il-günüň aladasyny edip, beýik işleri bitiren, halkyň agzybir, erkin, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda göreşen mert gahrymanlar, dana alymlar, zehinli şahyrlar ýaşap geçipdir. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemläp, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen türkmen topragy geçmişde hem dünýäniň ünsüni özüne çekipdir. Asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap gelýän bu hakykatyň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde giňden beýanyny tapmagy diýseň buýsandyrýar.

Sähetjemal JÜRDEKOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň kitaphana müdiri.