«Aksakgal ak baş bolar...»

12 Dekabr 2024
116

Halkymyzda: «Aksakgal ak baş bolar, ýöne göwni ýaş bolar» diýlişi ýaly, bu günki gün kalby juwan ýaşulularymyz ähli başlangyçlarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň bismillaçysy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ahyrky günlerinde alysdan-ýakyndan myhman çagyryp toýlanan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda-da ýaşulularymyz döwre gurap, maslahat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 10-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde amal edilen işlere seljerme berlip, geljegiň wezipeleri kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Halk Maslahatynyň hem-de Ýaşulular geňeşiniň agzalary mynasyp işleri alyp barýarlar. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň aňyrsyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň bagtyýar döwrümizde-de mynasyp dowam edýändigini görkezýär.

Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerligiň nusgasyna öwrüldi. Döredileli bäri geçen gysga döwürde geljek barada süýji arzuw etmek mümkinçiligi gaýtarylyp berlen, agyr kesellerden saplanan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň ýürek seslerini diňläniňde, daşary ýurtlaryň çagalarynyň ykbalyna röwşenlik çaýylan pursatlary hakyda getireniňde, bu sogaply işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarsyň.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.