Dünýä ýurtlarynyň ösüşinde sanly söwdanyň ähmiýeti

8 Dekabr 2024
82

Sanly ykdysadyýet — dünýäniň iň çalt ösýän pudaklarynyň biri. Soňky ýyllarda sanly ulgam innowasiýany hem-de kärhanalaryň işini ösdürmegiň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Sanly ulgam bellibir babatda dünýäniň söwda ulgamynyň ägirt uly ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda dünýäniň halkara sanly söwda ulgamynda ABŞ hem-de Hytaý bilelikde bu bazaryň paýynyň ýarysyndan gowragyny eýeleýärler. Halkara maýadarlar Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda söwda ulgamyny sanlylaşdyrmagy ösdürmek maksady bilen, uly gyzyklanma bildirýärler.

Maýsa ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy