Albaniýanyň paýtagty Tiranada bir desgada jemlenen üçekli jaýlar toplumyna çalym edýän bina gurmak meýilleşdirilýär. «Network of Architecture» dizaýn kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen taslama «Tirananyň tapmaçasy» diýlip atlandyrylýar. Binanyň belentligi 71 metr, tutýan meýdany 75-25 metr töweregi bolar.
Şäheriň we obanyň jaý gurluşygyndaky usulyýetiň utgaşmasyny özünde jemleýän bina daşyndan seredeniňde köp sanly kiçijik jaýlary jemleýän ýaly görünýar. Bu desga köp ugurly bolar. 1-nji gatda ýerasty awtoulag duralgasy bilen birlikde täjirçilik jaýlary, ýokarda bolsa myhmanhanalar we öýler ýerleşer. Binada 7-nji gatdan 16-njy gata çenli 158 sany öýüň boljakdygy bellenilýär. Iň ýokarky üç gaty penthouslar eýeläp, olar biri-birinden baglar arkaly bölüner.