Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanylyp, dünýä halklary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Türkiýe Respublikasydyr. Daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan ykdysady gatnaşyklaryň çäginde işjeň maýa goýum syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Bu babatda hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylandyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ýüzlerçe türk kompaniýalary işleýär. Iri türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda müňlerçe önümçilik we medeni durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmek indi iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrüldi. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen-türk işewürlik gatnaşyklarynda gurluşyk pudagynda uzak ýyllardan bäri alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunda türk kompaniýalarynyň Diýarymyzda gurluşyk taslamalarynyň onlarçasyny üstünlikli durmuşa geçirendiklerini bellemek möhümdir. Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň kuwwatyny okgunly artdyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär. Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny alamatlandyrdy. Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişli bolup, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk topary möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň dürli pudaklarynyň, hususy düzümleriniň arasyndaky ähli gatnaşyklar uly goldawa eýe bolýar.