Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň netijesinde Watanymyz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 16-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginine, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy. Oba hojalyk möwsümindäki işleriň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň alnyp barlyşyna, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdü