Kitap — köňüllere, heňňamlara syýahat. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin».
«Hakyda göwheriniň» şuglaly sahypalaryna seýran edip barşyňa rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň: «Durmuş — başdan-aýak öwrenmegi talap edýän ýol. Gowy kitaplar bolsa biziň durmuş menzillerindäki ýolgörkezijilerimiz» diýen sözlerini ýatlaýarsyň. Sebäbi bu kitap adamzat aslynyň şaýady bolan heňňamyň sesine gulak goýmaga çagyrýar. Özi-de, okyjynyň heňňamyň sesine gulak goýmaga barýan ýoly özboluşly taýýarlyk möwsüminiň üstünden geçýär. Ol ýol — «Hakyda göwheriniň» «Taryha syýahat» diýlip atlandyrylan birinji baby. «Taryha syýahat» okyjyny ikinji babyň — «Ruhy mirasyň» pelsepewi dünýäsine taýýarlaýar. Ýagny birinji bapdaky «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» ýaly bölümler okyjyny türkmeniň kalbyndaky gözel duýgularyň kemala gelen menzillerine alyp gidýär. Diňe bir alyp gitmän, jikme-jik mysallaryň, pelsepewi nukdaýnazarlaryň üsti bilen şol geçilen günleriň «keşbini çeken» beýik ynsanlaryň ýürek urgusyny ýakyndan diňlemäge mümkinçilik döredýär. Şondan soň okyjy «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji bapdaky «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» — dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» ýaly bölümleriň süňňüne siňen beýik pelsepeleriň özenine aň ýetirmäge azda-kände taýýar bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu bapdaky: «Onsoňam, öň hem belleýşim ýaly, taryh ylmy diňe ylmy seljerme geçirip, subutnama bilen maglumaty delillendirer. Ony duýup, ýüregiňden geçirmek biziň wezipämiz» diýen pelsepe dürdäneleri bolsa okyjynyň öňünde goýlan wezipe bolup ýaňlanýar. Ählimiziň mugallymymyz hökmünde Milli Liderimiz bu jümläniň üsti bilen taryhy ýöne bir öwrenmän, ondan netije çykarmagy, geljekki ädimleriňe ruhy güýç almagy wesýet edýär. «Men häzirki döwürde ýazyjynyň hem şol borjunyň wajyplygyny belläsim gelýär» diýen sözleri bolsa şu günki galamgärleriň ählisi üçin ýolgörkezijä öwrülmelidir. Munuň özi her bir ugurdaky buýsançly gadamlarymyzyň geçmişiň çuňluklaryndan ruhy güýç almalydygy baradaky beýik pelsepedir. «Hakyda göwherini» kalbyny goýup okan okyjy awtor bilen ojar odunyň başynda, taňkanyň lakyrdysyna diň salyp, Watana örküniň baglanandygyna, gözellige mähriniň dartylýanlygyna göz ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň söz arkaly Watana söýginiň suratyny çekişi, gör, nähili ajaýyp: «Şeýle pursatlarda Watana söýgini sadaja dilde «tebigat bilen sözleşmek» diýip beýan ederdim». Bu jümläni aňyňa aýlap oturyşyňa «Hakyda göwheriniň» Gahryman Arkadagymyzyň tebigat bilen söhbedidigi baradaky pikir seriňe dolýar. Sebäbi biziň taryhymyzam, şu günümizem tebigatyň içindäki düşünjeler. Geljegimizem şonuň bilen bagly. Şonuň üçinem Milli Liderimiz tutuş dünýä halklaryny tebigaty, söýmäge — ýaşaýşy, Watany, ynsanlary, geljekki nesilleri söýmäge çagyrýar.