Güýz oýlanmalary
Gün gysgalyp, uzasa-da gijeler,
Güýzde durmuş öňküdenem süýjeler.
* * *
Ýazda ekip, tomus harman sowurdym,
Ajap pikirlermi güýzde dogurdym.
* * *
Güýz paýhasy bilen dünýä garasam,
Nepim degip, il derdine ýarasam.
* * *
Ýigitlikde zor bolsa-da kuwwatyň,
Durmuş derýasynda azdyr öwrümiň.
Güýç bilen paýhasyň deňleşen çagy,
Kämillikde — güýzde giňär göwrümiň.
* * *
Batbörek deý al-asmanda galgaýa,
Ömrüm guşlugyny baharym saýdym.
Tylla güýzde — ömrümiň «ak öýläni»,
Goýalan pikirdir oýumy ýaýdym.
* * *
Güýze ýetip, çar ýanyma syn kyldym,
Geň-enaýy syrdan doly bu dünýä.
Akyl ýetirere onuň syrlarna,
Meniň güýzüm juda gysga görünýä.
* * *
Pederler pendine ýürekden uýup,
Baharda öwrendim, tomus öwrendim.
Güýzümde goýalyp «aklym käsesi»,
Bilýänlermiň zerreligne jowrandym.
* * *
Güýz paýhasy bilen pikir öwürip,
Ynsanlara düşünmäge synandym.
«Güýze» ýeten käbir «akyl» kişiniň,
Özgelere düşmeýänne gynandym.
* * *
Ýazda geçen biweç günleriň görner,
Güýze ýetdiň, bir yzyňa gara sen!
Ýene biweç günleň bolmazy üçin,
Seljer bu durmuşyň agyn-garasyn!