Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan:
— Bir gezek bilegi berdaşly, dogumy daglara bäs edýän, gözlerinden ot syçrap duran, gorky-ürkä per bermezek, her zähmete werziş bolan ýaş ýigitleriň biri Oguz hanyň huzuryna baryp: «Han aga, siziň gullugyňyza geldim. Ömrümi Watan wepasyna, halk hyzmatyna bagyş etmekçi» diýipdir. Oguz han ýaş ýigidi parasat nazary bilen synlap: «Ýeri, sen Watanyň hatyrasyna nämeleri başararsyň we nämelere taýýar?» diýip sorapdyr. «Buýran her bir zadyňyzy gaýra goýman berjaý etmäge, gerek bolsa, Watan üçin şirin jandan geçmäge taýýar» diýip, ýaş ýigit pert pert jogap beripdir. «Ogul, sen ilki Watan üçin ýaşap bilýändigiňi görkez. Watan üçin serden geçmäge taýýardygyňa ynanarym ýaly...» diýip, Oguz han ol ýigidi ýanyna nökerlige kabul edipdir.