Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli ulgamlarda uly özgerişler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda geçirilýän özgertmeler öz oňyn netijelerini berip, içeri we daşary syýasaty durnukly alyp barmaklyga şert döredýär. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan dünýäniň iri döwletleridir guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, tutuş Ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl ýurdumyzyň taryhynda bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda dünýä ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary birleşen tagallalaryň üsti bilen çözmek ugrunda ýurdumyz iri halkara guramalar, sebit we dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp bardy. Netijede, milli Liderimiziň oýlanyşykly we parasatly daşary syýasatynyň özeninde duran Bitaraplyk ýörelgesi tutuş dünýäde oňyn seslenme döredip, uly ykraryýete eýe boldy.