Belent maksatly işler rowaçlyga beslenýär

4 Dekabr 2024
196

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.