«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde okuwçy oglanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynyň Kaka etrap tapgyry uly gyzyklanma eýe boldy. Etrabyň sport mekdebiniň döwrebap enjamlaşdyrylan zalynda geçen bu ýaryşy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de bilim bölümi bilelikde gurady.
Ýaryş gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Sport janköýerlerinde uly täsirleri döreden şol duşuşyklar etrapdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçy oglanlaryň üstünligi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, agzalan mekdebiň topary ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Ikinji orna 20-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 14-nji orta mekdebiň toparlary mynasyp boldy.