Bagt ojagy

28 Noýabr 2024
195

Türkmen halkynyň «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen iň arzyly arzuwlarynyň birinde onuň dünýägaraýşy, durmuş pelsepesi açylýar. Magtymguly Pyragynyň: «Her gün gursaň uly toýny,//Gitse ýürekleriň düwni» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň at çapyşykly, göreşli, bagşyly toýlary, olarda ýerine ýetirilýän toý däp-dessurlary ruhy medeniýetimiziň köpöwüşginliligini dünýä ýaýýar. Türkmen toýlary ruhubelentligiň, şahandazlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Şeýle dabaraly toýlarymyzyň esasylarynyň biri hem durmuş toýudyr. Ýaşlaryň iň ajaýyp günleriniň, durmuş toýlarynyň şaýady bolmak bagtyna eýe bolan Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň işgärleri-de her ädimde döwrümiziň toý ruhundan, joşgunyndan ylham alýarlar.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ol dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň içinde Ýer togalagynyň dünýädäki iň uly binagärlik görnüşi hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2012-nji ýylyň sentýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen dabarada «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça «International Property Awards Europe» atly abraýly halkara baýraga eýe boldy.

Gülşat MUHYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň maslahatçysy.