Türkmenistan — bagtyýarlygyň mekany. Muny tutuş dünýä ykrar edýär. Bu bagtyýarlygyň özeni bolsa biziň ýurdumyzda ynsan mertebesiniň ähli zatdan ileri tutulýandygyndadyr. Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynda berkidilen bu kämil pikir türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynda hem özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Adam hakyndaky aladalaryň ilkinjisi bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky bitirilýän işleriň netijesinde has aýdyň ýüze çykýar.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmäge we goramaga gönükdirilen binalaryň sany ýylsaýyn artýar. Her ýyl ýurdumyzda şeýle saglygy goraýyş ähmiýetli täze binalaryň gurlup ulanylmaga berilýändiginiň hem-de düýbüniň tutulýandygynyň şaýady bolýarys. Gözlerimiziň öňünde bolup geçýän şeýle şatlykly wakalar ynsan saglygy hakyndaky aladalaryň dowamly häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.