1-nji dekabr — Bütindünýä AIDS-e garşy göreş güni
Sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýetimize giňden ornaşdyrylyp, ýaramaz endikleriň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlaryň sagdyn we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar, döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Muny ýurdumyzyň ähli ýerinde gurlup ulanmaga berlen saglygy goraýyş maksatly binalaryň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi hem subut edýär.