Ildeşimiz — «Türki halklaryň iň gowy talyby»

27 Noýabr 2024
293

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Dawut Döwletow «Türki halklaryň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy we türki döwletleriň ýaşlar syýasatynyň ösüşine goşan goşandy üçin I derejeli diplom, «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan, heýkeljik we şahadatnama bilen sylaglanyldy. Bu bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi hem-de «Žana Kazahstan» innowasiýa merkezi bilen bilelikde guraldy.

Halkara bäsleşige türki döwletleriň zehinli talyp ýaşlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylaryň talyplyk döwründe okuwda, ylymda, sungatda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine baha berildi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».