Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda ýurdumyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň hem-de serginiň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksatlaryndan ugur alýar. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurduň ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belläp geçdi.