Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Hut şonuň üçin hem bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär we kämil hünärmenleriň taýýarlygy ýokarlanýar. Esasan-da, ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçilikleri, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary barada düýpli öwredilýär. Bu sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň baş şerti hökmünde ylmy esasda ýola goýlan meýilnamalaýyn işler durýar. Bilimli hünärmenleriň ylmyň häzirki ösüşinden habarly bolmagy we öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirip bilmegi hökmanydyr. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap işler ýola goýulýar. Şunda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi üçin bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, ony dünýä derejesinde ösdürmäge gönükdirilen maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu gün zehinli ýaşlaryň başarnyklary, bilim işgärlerini hem-de biziň her birimizi buýsandyrýar.