Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy bilen, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine uly ýardam berilýär. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, durmuşa dogry düşünmekleri we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, olaryň arasynda ýygy-ýygydan dürli duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Olar döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň many-mazmunyna doly laýyk getirilýär.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi we herekete girizildi. Bu Kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýän, ýaşlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň üpjün edilmeginde we olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylandygynyň görkezijisine öwrüldi. Kanunyň «Ýaşlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam etmek» atly maddasynda tejribeleri alyşmak, halkara şertnamalaryny bellenilen tertipde baglaşmak hem-de olary durmuşa geçirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygrynda maglumatlary, hyzmatdaşlary seçip almak, resminamalary işläp taýýarlamak, halkara ýaşlar alyş-çalyşlarynyň guramaçylaryna, gatnaşyjylaryna kömek bermek we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän beýleki çäreleriň guralmagyna gatnaşmak hakynda giň düşünjeler berilýär. Bu madda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň dogry ýola goýulmagynda esas bolup, uly ýardam edýär.