Ýaş maliýeçiler bäsleşdiler

26 Noýabr 2024
259

Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan ýaly döwletleriň jemi 70 sany ýokary okuw mekdebinden 300-e golaý talyp gatnaşdy.

Açyk halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini äşgär etmek bilen birlikde, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary, maliýe çemeleşmelerini ulanmakda ukyp-başarnyklaryny hem ýüze çykardy. Şeýle olimpiadalar milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy we çylşyrymly maliýe meselelerini özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary höweslendirmekde örän ähmiýetlidir. Üstünlikli geçirilen olimpiada ylmy we amaly meseleler boýunça amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaşlaryň bilim derejeleriniň döwrüň ösen talaplaryna kybap gelýändigini äşgär etdi. Olimpiadada jemi 105 sany baýrakly orun yglan edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden 17 talyp 1-nji orny, 33 talyp 2-nji orny, 55 talyp 3-nji orny eýelemegi başardy. Zehin bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik eden ýaşlaryň hatarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Jennet Berdiýewa, Arslan Şaýymow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Nurana Serdarowa dagy birinji orna mynasyp bolup, ýokary netije gazandylar.

Mährijemal HAPYZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.