21-nji noýabrda — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar.