Plastik önümlerden döredilen sungat

3 Ýanwar 2021
2772

Türkmen oba hojalyk institutynda el işleriniň sungaty boýunça plastik önümlerden dürli görnüşli bezeg we beýleki işleri ýasamakda talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Onda talyp ýaşlaryň ençemesi biri-birinden täsirli işlerini hödürlemek bilen, özleriniň döredijilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarda daşky gurşawy arassa we aýawly saklamak babatdaky garaýşy, düşünjäni kemala getirmekden ybarat boldy. Gündelik durmuşymyzda ulanylan plastik gaplardan we beýleki önümlerden şeýle özboluşly hem-de täsirli el sungatynyň ajaýyp nusgasynyň döremegi belli bir derejede gurşawa düşýän zibilleriň azalmagyna itergi berýär. Elbetde, şeýle gyzykly hem-de täsirli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy şu günki ýaşlarda ekologiýa babatdaky düşünjäni kemala getirmäge ýardam edýär.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.